“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär

“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hödürleýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy dowam etmek bilen, täze bir gezeklik ýapynjalary ulanmak hyzmatyny ornaşdyrýar. Ol syýahat wagtynda ýolagçylaryň rahatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga we arassaçylyk şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Ýolagçylar demir ýol gatnawlary üçin petekleri satyn alanlarynda kassada we demir ýol menzillerindäki terminallarda, şeýle hem “Turkmenistan Railways” ykjam goşundysy arkaly onlaýn görnüşde özleriniň sargytlaryna “Bir gezeklik ýapynjalar” hyzmatyny aňsatlyk bilen goşup bilerler. Ýapynjalaryň tölegi awtomatik görnüşde petegiň umumy bahasyna goşular.

Täze başlangyç syýahatlarda has howpsuz gurşawy döretmek bilen, müşderileriň saglygy we abadançylygy ugrunda aladalanmakda kompaniýanyň tagallalaryny görkezýär.

Mundan başga-da, ýolagçylara 100 kilograma çenli ýangoşy tölegsiz alyp gitmek rugsat edilýär, uly adamlar bolsa bäş ýaşdan kiçi bolan bir çagany goşmaça töleg etmezden ýanlarynda äkidip bilerler.

Otly gatnawlary üçin petekleri onlaýn görnüşde ugramazyndan 10 gün öň, kassalarda bolsa 5 gün öňünden satyn alyp bolýar. Ýolagçylara demir ýol menziline otlynyň ugraýan wagtyndan 45 öňünden barmak maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy
Bernina Express meşhur otly syýahaty
Halkara meridian maslahaty geçirilýär
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Turkmen-Afghan talks in the field of transport