“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär

Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlyga itergi berýän esasy güýji ulag ulgamyny we üstaşyr multimodal ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňden durmuşa geçirmekde görýär. Daşary ýurtlaryň, hususan-da, sebitiň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr multimodal ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy hakykatdyr.

Eýran Yslam Respublikasyny bilen ýurdumyzyň arasyndaky serhet geçelgelerine golaý ýerleşen “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Türkmen Demirçol Ekspress” HJ-niň bilelikdäki dolandyrylýan Etrek we Sarahs ýük howlulary hem öz gezeginde multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatynyň artmagyna öz goşandyny goşýar.

Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyndan umumy mukdarda 50 müň tonna armatur, demir daşlary hem-de beýleki gurluşyk harytlary serhet geçelgesine golaý ilkinji ýük howlusy bolan Sarahs ýük howlusynda awtoulagdan wagona we wagondan wagona ýükleme-düşürme hyzmatlaryny amatly nyrhlarda ýerine ýetirmek bilen, müşderiler üçin dürli mümkinçilikleri döretmegini dowam edýär.

Bulardan başga hem, diňe bir Sarahs, Etrek ýük howlulary bolman, eýsem halkara ýük howlulary bolan Türkmenabat, Kerki, Zerger, Mary, Altyn Asyr, Daşoguz ýük howlulary dürli ýükleri saklamak, ýüklemek we düşürmek boýunça hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Ähli ýük howlularynda ýükleri düşürmek üçin doly tehniki enjamlar, ýagny ýük göteriji kranlar, awtokara, ürgün ýükleri düşürmek üçin beýik demirýollar bilen üpjün edilendir.

Çeşme: railway.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär