Demirgazyk Owganystan: Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi

Demirgazyk Owganystan: Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Owganystanyň Balh welaýatyndan Mazaryşerif şäherine gaçyp baryp, durmuş-ykdysady şertleriň agyrlygy sebäpli mazarystanda ýaşamaga mejbur bolan bir etniki türkmen maşgalasynyň Azatlykda çap edilen wideosy barada gürrüň edilýär. 15-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy Owganystandaky etniki bir türkmen maşgalasynyň duçar bolan ýagdaýlaryny açyp görkezýän wideo çap etdi.

Ondan mälim bolşuna görä, owganystanly türkmen Sapargül Balh welaýatynyň Kelder etrabyndan, maşgalasyndaky zorluk we basyş sebäpli, öýüni terk edip Mazar-y-Şerif şäherine geldi.Emma, dört ýaşly gyzyň enesi bir ýylyň dowamynda ýat şäherde ne iş, ne-de jaý tapyp bildi.

Mundan soňra, ol alaçsyzlykdan mazaryndaky guburlaryň içine girip ýaşamaga mejbur galdy.Wideonyň çap edilmeginiň yzýany türkmen maşgalasynyň kynçylyklary sähel hem bolsa egsildi.Oňa kömek edildi, ýerli etniki türkmenler maşgala duýgudaşlyk bildirdi.

Bu maşgalanyň duçar bolan kynçylyklary we wideony düşürmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada onuň awtory, Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Dünýä Türkmenleri gepleşigine giňişleýin gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Mazarçylykda ýaşaýan Sapargüle hem onuň çagasyna owgan türkmenleri eýe çykdylar
Aşgabatda Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini uzaltmak baradaky ylalaşyga gol çekildi
"Eneli gyzy dilegçilige mejbur eden gowga"
Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik wekilhanalary işini hemişeki ýaly dowam etdirýär
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
TÜRKMENISTANYŇ MAZARI-ŞERIFDÄKI BAŞ KONSULY BALH WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI