
Demirgazyk Makedoniýaly saýlawçylar täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär.
Saýlawda ýurtda bellige alynan 1 million 814 müň 317 saýlawçy ses berer.
Ir sagat 07.00-da başlan saýlaw sagat 19.00-a çenli dowam eder.
Saýlawçylar 3 müň 480 saýlaw merkezinde ses berer.
Saýlawda häzirki Prezidenti Stewo Pendarowski we Daşary işler ministri Bužar Osmani bilen birlikde 7 dalaşgär bäsleşer.