Demirgazyk Koreýanyň Russiýa goşmaça harby güýç ugradandygy öňe sürüldi

Demirgazyk Koreýanyň Russiýa goşmaça harby güýç ugradandygy öňe sürüldi

Günorta Koreýanyň Milli razwedka gullugynyň metbugata beren beýanatynda, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa goldaw bermek maksady bilen bu ýurda goşmaça harby birikmeler ugradandygy, emma şol birikmeleriň anyk sanyny bilmeýändikleri mälim edildi.

Beýanatda: "Demirgazyk Koreýanyň birikmeleri fewral aýynyň ilkinji hepdesinden başlap Russiýanyň günbatar frontyndaky Kursk sebitindäki front liniýasyna ugradyldy" diýip aýan edildi.

Günorta Koreýanyň metbugatynda geçen aý berilen habarlarda, Demirgazyk Koreýanyň Russiýanyň hatarynda söweşmek üçin Kursk sebitine 1000-3000 esger aralygynda goşmaça harby güýç ugradandygy öňe sürülipdi.

Demirgazyk Koreýanyň geçen ýyl Kursk sebitine takmynan 11 müň esger ugradandygy öňe sürüldi.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa amerikaly ministriň beýanatyny tankyt etdi
Eýran Türkmenistan bilen demir ýol arkaly ýük tranzitini artdyrmakçy bolýar
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlary üçin hereket azatlygyny talap edýärler
Türkiye ABŞ-nyň kararyny ýazgardy
Russiýa Ukrainanyň ATACMS raketalary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi