“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”

“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Kursk sebitinde demirgazyk koreýaly 11 müňe golaý esgeriň bardygyny öňe sürdi.

Zelenskiý, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Russiýanyň Kursk sebitinde döredilen araçäk sebiti goraýandygyny aýtdy.

Kurska Demirgazyk Koreýaly esgerleriň ornaşdyrlandygy barada maglumatyň gelip gowşandygyny aýdan Zelenskiý, “Häzirki wagtda Kursk sebitinde 11 müňe golaý demirgazyk koreýaly esger bar. Demirgazyk Koreýanyň ýaragly güýçleriniň hataryndaky esgerleriň sanynyň artandygyny görýäris. Emma gynansakda hyzmatdaşlarymyzdan gelen jogapda bu artyş hakynda hiç hili maglumat ýok” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, iýun aýynda Demirgazyk Koreýada saparda bolupdy we taraplaryň arasynda giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylypdy.

ABŞ bilen NATO-dan oktýabr aýynyň ahyrynda berlen beýannamada, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa esger ugradandygy we esgerleriň Kursk sebitine ornaşdyrlandygy nygtalypdy.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý NATO-nuň Çaknyşyga Goşulmagyny Resmileşdirmäge Çalyşýar
Zelenskiý Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Demirgazyk Koreýaly 2 Esgeri Ýesir Aldyk”