Demirgazyk Koreýa ýene-de bir ballistik raketa synagyny geçirdi

Demirgazyk Koreýa ýene-de bir ballistik raketa synagyny geçirdi

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň Baş sekretary Matsuno Hirokazu geçiren metbugat ýygnagynda, raketanyň Demirgazyk Koreýadan 2 müň km beýiklikde Ýaponiýa deňizine tarap 30 minudyň dowamynda 800 km uçandygyny habar berdi.

Onuň şu ýyl Demirgazyk Koreýanyň synagdan geçiren 7-nji raketadygyny aýdan Matsuno, orta ýa-da uzak mezillidigini çak edýän raketanyň Ýaponiýanyň milli ýörite ykdysady zolagyň daşyna gaçandygyny mälim etdi.

"Ballistik raketalar we ozalkylar ýurdumyz we sebitimiz üçin howpdyr" diýip aýdan Matsuno, synag bilen baglanşykly protest notasyny resmi Phenýana ýetirendiklerini aýan etdi.

Sebitde bar bolan gämileridäki we uçarlardaky bolmagy ähtimal zyýanlary anyklamak işlerini alyp barýandyklaryny aýdan Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio, synag bilen baglanşykly Milli Howpsuzlyk geňeşini ýygnajakdygyny habar berdi.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanatda, raketalaryň Demirgazyk Koreýanyň Jagang sebitinden Ýaponiýa deňizine tarap ýerli wagt bilen sagat 07:52-de uçurylandygy aýan edildi.

ABŞ-nyň Hindistan-Ýuwaş umman güýçleri synag bilen baglanşykly beren beýanatynda, Demirgazyk Koreýany ýazgarýandyklaryny we durnuklylyk bozujy işlerinden saklanmaklary barada çagyryş berýändikleri beýan edildi.

Ýurdunyň Milli howpsuzlyk geňeşinde çykyş eden Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Mun Çže In, Koreýa ýarymadasynyň parahatçylygyna we durnuklylygyna howp salýan synagy ýazgarýandyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa raketa synagyny geçirdi
Kim: "Günorta bilen dartgynlyk iň erbet derejede" diýdi
Putin Phenýanyň haýwanat bagyna ýolbars we aýy sowgat berdi
Demirgazyk Koreýa boýun aldy. Türkmenistan ýer togalagynyň hamana, COVID-19-dan azat ýeke-täk ýurdy bolup galdy
Demirgazyk Koreýanyň Balistiki Raketa Synagyny Geçirendigi Öňe Sürüldi
Demirgazyk Koreýa ABŞ-na Hemle Atýar