Demirgazyk Koreýa ýadro kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär

Demirgazyk Koreýa ýadro kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Demirgazyk Koreýanyň esaslandyrylmagynyň 76-njy ýyly mynasybetli geçirilen çärede çykyş etdi.

ABŞ başda bolmak bilen artýan ýadro ýaraglanmanyň Demirgazyk Koreýa üçin howp emele getirýändigini aýdan Kim Çen Yn: "Harby üstünligimiziň goralmagy we has hem artdyrylmagy zerur" diýip nygtady.

Kim Çen Yn şol sebäpli öz ýurdunyň ýadro ýarag kuwwatyny artdyrmak syýasatyny alyp barýandyklaryny mälim etdi.

Dowamly häsýetde ýadro howpuna sezewar galýandyklaryny aýdan Kim Çen Yn, ýadro ýaraglary "kanuny taýdan özüňi goramak" üçin ulanjakdyklaryny we onuň hiç kime howp emele getirmeýändigini beýan etdi.

Kim Çen Yn Demirgazyk Koreýanyň "jogapkär ýadro ýaragly döwletidigini" aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýanyň lideri täze öndürilen uçarmansyz dronlary gözden geçirdi
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Russiýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýa sapar gurar
Rus lider Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
Russiýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýanyň metbugatyna makala ýazdy