“Demirgazyk Koreýa we Eýran Meselesini Gepleşik Arkaly Çözerin”

“Demirgazyk Koreýa we Eýran Meselesini Gepleşik Arkaly Çözerin”

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti we Jemhuriýetçi partiýanyň prezidentlige dalaşgäri Donald Tramp, Demirgazyk Koreýa we Eýran meselesi telefon söhbetdeşlikleri we gepleşik arkaly çözüp biljekdigini aýtdy.

Los Anžalesde metbugata beýannama beren Tramp, saýlanan halatynda ABŞ-nyň duşmanlaryna garşy alyp barjak syýasaty hakynda durup geçdi.

“Demirgazyk Koreýanyň täze desgalary” we “Eýranyň Russiýa berýän raketalary” hakyndaky soraga jogap beren Tramp, bu meseleleri telefon söhbetdeşlikleri we gepleşik arkaly çözüp biljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Tramp, “Telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirerin we bu meseleleri çözüp bilerin. Aslynda birnäçe gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmeli bolup bilerin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Tramp Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”
ABŞ, Russiýa Garşy Uzak Aralykly Amerikan Ýaraglarynyň Ulanylmagyna Rugsat Berdi
Trampyň ABŞ-da Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 50 göterimden geçýär
Tramp türk asylly lukmany ýokary döwlet wezipesine hödürledi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy