Demirgazyk Koreýa, 19-njy okýabrda deňiziň aşagyndan täze görnüşli raketany synagdan geçirendigini mälim etdi.
Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habarlar gullugy KJNA-nyň Goranmak ministrligine esaslanýan habaryna görä, Demirgazyk Koreýa düýn täze görnüşli raketany synagdan geçirdi.
Habarda raketanyň “ganatlarynyň hereketliligi we süzülip atmak ukuby taýdan ýokary derejeli gözegçilikli ugrukdurma” tehnalogiýalaryna eýe bolandygy nygtaldy.
Habarda, täze görnüşli balistiki raketanyň deňiziň aşagyndan “8.24 Ýongung” gämisinden uçurlandygy bellenildi.
Kýodo habarlar gullugyna görä, Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa bölüminiň müdüri Funakoşi Takehiro raketa synagyndan soň Waşingtonda ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň wekilleri bilen mesele hakynda pikir alyşdy.
Duşuşykdan soň üç ýurduň wekili Koreýa Ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin çagyryş berdi we bu meselede diplomatik tagallalaryň dowam etdirilmegi we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.