Demirgazyk Koreýa boýun aldy. Türkmenistan ýer togalagynyň hamana, COVID-19-dan azat ýeke-täk ýurdy bolup galdy

Demirgazyk Koreýa boýun aldy. Türkmenistan ýer togalagynyň hamana, COVID-19-dan azat ýeke-täk ýurdy bolup galdy

12-nji maýda Demirgazyk Koreýa ýurtda ilkinji koronawirus ýokanjynyň hasaba alynandygyny boýun aldy we Lokdaun yglan etdi diýip Günorta Koreýanyň Yonhap neşiri goňşysynyň döwlet habar gullugyna salgylanyp maglumat berdi.

Phenýanda gyzgyny galan raýatlara synag edilenden soňra COVID-19-iň Omikron görnüşine ýoluganlar ýüze çykaryldy.

Omikrona ýoluganlaryň sany takyklanmaýar. Ýöne, birnäçe adamyň ýokanja ýolugandygy tassyklandy.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Syýasy Býuronyň mejlisinde koronawirusyň ýaýramagynyň doly öňüni almak üçin ähli obalarda hem şäherlerde “aşa adatdan daşary ýagdaýlaryň” we pugta lokdaunyň girizilýändigini yglan etdi.

Muňa seretmezden, Kim Çen Yn ykdysadyýeti ösdürmek üçin bellenilen meýilnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmegi we desgalaryň gurluşygyny wagtynda tamamlamagy tabşyrýar.

Şunlukda, Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň resmi hasaba alynmandygyny aýdýan ýer togalagynyň ýeke-täk ýurdy bolup galdy.

Hakykatda welin, geçen iki ýylda Türkmenistan COVID-19-iň birnäçe akymyny başdan geçiripdi. 2021-nji ýylyň tomsunyň ahyrlary olaryň iň güýçlisi bolupdy. Şonda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleri koronawirusyň öňki akymlaryna garanda,bu döwürde ýokanja ýoluganlaryň we ondan ölenleriň sanynyň iň köpi bolandygyny habar beripdiler.

Biziň pikirlerini soran raýatlarymyz özleriniň we hossarlarynyň ählisiniň ýokanja ýolugandyklary barada gürrüň berdiler.Içi näsaglardan hyryn-dykyn hassahanalarda aljyraňňylyk we bulam-bujarlyk emele gelipdi.

Türkmen häkimiýetleri çäklendirmeler girizipdiler (halkara uçuşlar ýatyryldy, ýurdyň içinde hereket gadagan edildi, ýüz örtgi dakmak hökmany boldy we beýlekiler), bularyň zerurlygy hökmünde gapma-garşylykly sebäpleri getirdiler, saglyk ylmyna çapraz gelýän beýannamalar etdiler.

2021-nji ýylyň noýabrynda Bütindünýä Saglyk Guramasy Türkmenistanda koronawirusyň ýokdygyna ilkinji gezek şübhe bildiripdi.

“Eýýäm, iki ýyl bäri dünýäde COVID-19 ýokanjy ýaýraýar.

Ylmy nukdaý nazardan, ýokanjyň Türkmenistanda ýokdygyny göz öňüne getirmek mümkin däl” diýip Bütindünýä Saglyk guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş barlagçysy Kesrin Smolwud BBC-ä beren interwiýusynda aýdypdy.

The post Demirgazyk Koreýa boýun aldy.

Türkmenistan ýer togalagynyň hamana, COVID-19-dan azat ýeke-täk ýurdy bolup galdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Kim: "Günorta bilen dartgynlyk iň erbet derejede" diýdi
Rus lider Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy
Demirgazyk Koreýa raketa synagyny geçirdi