
Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habarlar agentlginiň Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligindäki resmileriň beýanatyna esaslanyp beren habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň birnäçe wagt ozal beren reportažynda ýurda garşy ulanan "garakçy döwlet" adalgasy tankyt edildi.
Beýanatda "çynlakaý syýasy prowokasiýa" hökmünde häsýetlendirilen Marko Rubionyň sözleriniň, "özygtyýarly döwletiň abraýyna biperwaý garamagy maksat edinen bir çemeleşmedigi" habar berildi.
Beýanatda: "ABŞ-nyň daşary syýasatyndan jogapkär adamyň duşmançylykly sözleri we hereketleri ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa garşy üýtgewsiz duşmançylykly syýasatyny ýene-de bir gezek tassyklaýar" diýip mälim edildi.
Beýanatda: "Demirgazyk Koreýa hemişe duşmançylykly hereket eden we mundan soň hem şeýle bolmagyny dowam etdirjek ABŞ-nyň haýsydyr bir prowokasiýasyna asla ýol bermeris, emma oňa garşy hemişe bolşy ýaly berk garşylyk görkezeris" diýip aýan edildi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio beren reportažynda Demirgazyk Koreýa we Eýrana garşy daşary syýasat bilen bagly kararlar kabul eden mahaly "hötdesinden gelmäge mejbur galan garakçy döwletler" sözlerini ulanypdy.