Demirgazyk Koreýa wodorod bombalarynyň, materiklerara ballistiki raketalaryň we gipersonik reaketalaryň Amerika materigine çenli baryp ýetmäge ukyplydygyny we dünýäni sarsdyrjak güýje eýedigini beýan etdi.
Ministrligiň beýanatynda; “Dünýäde ençeme ýurduň boýun egme we perwaýsyz tabyn bolma arkaly ABŞ bilen wagt ýitirýän döwründe, Amerika materigine raketa atyp, dünýäni sarsdyrjak ýeke-täk biziň ýurdumyz. Biziň buýrugymyza garaşýan wodorod bombalary, materiklerara ballistiki raketalar we gipersonik raketalar bar” diýilýär.
ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň wekili De Hill bolsa mesele boýunça beren beýanatynda, resmi Waşingtonyň Phenýany “halkara parahatçylyk, howpsuzlyk we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni alyş düzgüni üçin howp” hökmünde kabul edýändigini, emma oňa duşmançylykly garamaýandygyny aýtdy.
Demirgazyk Koreýa diňe bir şu ýylyň özünde 7 gezek raketa synagyny geçirdi we olaryň esasy bölegi Ýapon deňizine tarap atyldy.
Ýurt geçen hepde 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Hwasong-12” orta aralykly ballistiki raketa synagynyň geçirendigini tassyklady.
Raketanyň ABŞ-nyň Guam sebitini urup biljekdigi beýan edilýär.