Demirgazyk Koreýa 3 Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýa 3 Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýanyň Ýapon deňizinde üç balistiki raketa synagyny geçirendigi habar berildi.

Günorta Koreýanyň Baş ştabyndan berlen beýannamada, Demirgazyk Koreýanyň ýerli wagt bilen 07.44 we 08.22 aralygynda Ýapon deňizine tarap üç balistiki raketa atandygy nygtaldy.

Beýannamada, Demirgazyk Koreýadan atylan raketalaryň 300 kilometrlik ýoly geçenden soň Ýapon deňizine düşendigi bellenildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, mejlisde eden çykyşynda raketa synagyna berk garşylyk görkezdi we Demirgazyk Koreýanyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryny basgylaýandygyny aýtdy.

Raketa synaglarynyň mart aýynyň 18-20-sy aralygynda Günorta Koreýada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň gatnaşmagynda geçiriljek “Gelejek nesiller üçin demokratiýa” sammitiniň öňüsyrasynda geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.

Demirgazyk Koreýa soňky gezek 1-nji fewralda ýurduň gündogaryndan “Padasuri-6” raketasyny atypdy.

Ýene degişli makalalar

Aýyjyk Paddington Britaniýanyň resmi pasportyny aldy
10 kilometrlik köpri açyldy
Bangladeşdäki silde ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi
Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda iki sany hassahana açdy
Türkmenistanly türgen gyz pankration göreşi boýunça halkara ýaryşynda kümüş medal gazandy
Türkmenistan bilen Italiýa iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary maslahatlaşdy