Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesinde eksport-import ýükleri üçin nyrhlar arzanlady

Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesinde eksport-import ýükleri üçin nyrhlar arzanlady

RŽD Logistika Demirgazyk—Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugurlarynda ulaglaryň üstaşyr geçiş wagtyny azaltmak boýunça yzygiderli iş geçirýär we eltip bermek çykdajylaryny azaltmak meselesine aýratyn üns berýär. Muny RŽD Logistika paýdarlar jemgyýetiniň konteýner daşamalary boýunça müdiri Aleksandr Siwertsewiň mälim etdi diýip, newscentralasia.net habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa Demirgazyk—Günorta geçelgesiniň üsti bilen eksport-import ýükleriniň bahasyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2 esse arzanlatdy. Kompaniýanyň wekilleri muny uly üstünlik hasaplaýar.

A.Siwertsewiň aýtmagyna görä, birnäçe gün mundan ozal rus ýük daşaýjysy Günorta Ural demir ýolunyň Formaçewo bekedinden dördünji konteýner otlusyny iberdi. Otly ilkinji gezek Akýaýla (Türkmenistan) - Inçeburun (Eýran) serhet geçelgesinden geçer, bu bolsa ýoluň uzaklygyny birnäçe gün gysgaldar.

Täze ugur Günorta Ural demir ýol menzilinden Eýranyň Bandar Abbas deňiz portuna Sarahs serhet geçelgesi arkaly konteýner otlularyny ibermek boýunça hyzmatyň çäginde goşmaça marşrut bolup durýar. Eýýäm her aýda amala aşyrylýan bu hyzmat köp dürli ýüklere gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Dünýä Ulag Hyzmatlary oba hojalygy pudagynda tohumlar, tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edýär
Rowaly Ýol ulag-logistika kompaniýasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýük daşamagyň ähli görnüşlerini amala aşyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Türkmen Logistika türkmen ulag kompaniýalaryny Gara deňiz—Hazar Logistika forumyna çagyrýar