Demirgazyk Aralda suwuň möçberi 27 milliard kubmetre çenli artdy

Demirgazyk Aralda suwuň möçberi 27 milliard kubmetre çenli artdy

Gazagystanyň Suw gorlary we irrigasiýa ministrligi Demirgazyk Araly halas etmek boýunça taslamanyň çäklerinde möhüm netije gazanylandygyny, howdanda suwuň möçberiniň 27 mlrd kubmetrden geçendigini habar berdi.

Muňa esasan hem, Kokaral bendiniň durkunyň täzelenmegi mümkinçilik berdi diýip, Daryo.uz ýazýar.

Bu görkezijini gazanmaga bu gün Syrderýadan Gyzylorda welaýatyna sekuntda 650 kubmetr suw akýandygy sebäp boldy. Özbegistan we Gyrgyzystan bilen bilelikde işler durmuşa geçirildi. Şol sanda häzirki wagtda berjaý edilýän suwuň berlişiniň tertibi düzüldi. Ýerli daýhan hojalyklar bilen duşuşyldy. Ekin meýdanlaryny suwarmak üçin suw ýeterlik diýip, ady tutulan ministrligiň ýolbaşçysy Nuržan Nuržigitow gürrüň berdi.

Ol ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşykda taslamanyň Bütindünýä banky bilen bilelikde maliýeleşdirilýändigini habar berdi.

Häzirki wagtda taslamanyň ikinji bölegi işlenip düzülýär, ol balyk hojalygyny, ekojahankeşdeligi ösdürmäge, ekologiýany we suw gorlaryny dolandyrmagy gowulandyrmaga gönükdiriler.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Aşgabatda AHEHG-nyň howandarlygynda geçirilen duşuşygyň netijeleri
Türkmen ylmynyň ägirdi, çölleri öwreniji tanymal alym Agajan Babaýew 90 ýaşady
Türkmenistan — Owganystan: suwdan peýdalanmakda hyzmatdaşlyk
11.04.2019 | Türkmenistan — Owganystan: suwdan peýdalanmakda hyzmatdaşlyk
24.08.2018 | Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki Beýannamasy