"Demirgazyk Akym-2" taslamasynyň 95 göterimi tamamlandy

"Demirgazyk Akym-2" taslamasynyň 95 göterimi tamamlandy

"Demirgazyk Akym-2" taslamasynyň ýerine ýetiriji firmasy "Nord Stream 2 AG" tarapyndan berilen beýanatda, taslamanyň çägindäki liniýanyň geçirilmek tapgyrynyň Germaniýanyň we Daniýanyň suw giňişliginde dowam edýändigini mälim etdi.

Beýanatda turba geçirilmek işleri boýunça ýene-de 121 kilometrlik liniýanyň galandygy bellenip: "Taslamanyň 95 göterimine barabar bolan 2 müň 339 kilometrlik bölegi tamam boldy" diýip habar berdi.

Jemmi gymmady 10 milliard ýewro töweregi bolmagyna garaşylýan "Demirgazyk Akym-2" taslamasy bilen ýylda 55 milliard kub metr rus gazynyň Baltika deňiziniň üsti bilen Germaniýa ugradylmagy meýilleşdirilýär.

ABŞ, Ukraina, Polşa we Baltika ýurtlarynyň garşy çykýan taslamanyň hyzmatdaş şärikleriniň arasynda Gazprom kärhanasy bilen birlikde Shell, OMV, Engie, Uniper we Wintershall ýaly kärhanalar hem bar.

Ýene degişli makalalar

Tebigy gaz eksportyny artdyrar
Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Aşgabadyň banklarynda aýal-gyzlardan ýaşyl reňkdäki milli geýimi geýmek talap edilýär
Arkadagda suw gyzdyrýan gazanlaryň operatorlaryndan “öz islegi boýunça” bagban wezipesine geçmek talap edilýär
Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar