Demir ýollaryň uzynlygy 40 müň kilometre ýetdi

Hytaýyň ulag ministrligi ýurtdaky demir ulgamy barada giňişleýin maglumat berdi. Maglumatda geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ýurtdaky ýokary tizlikli demir ýollaryň jemi uzynlygy 40 müň kilometre ýetipdir.

Geçen ýyl ulag pudagynda özleşdirilen maýa goýumyň mukdary 3,6 trillion ýuan bolup, bu görkeziji 2020-nji ýyldakydan 5,6 göterim ýokary bolupdyr. Bu möçberiň uly bölegi demir ýol pudagyny ösdürmek üçin goýberilipdir.

Geçen ýyl ýurtdaky awtoýollaryň uzynlygy 8 müň 90 kilometr artyp, 169 müň kilometre ýetipdir. Yzygiderli gatnawyň amala aşyrylýan aeroportlaryň sany 248 bolup, olar 244 şäherde ýerleşýär.

Ýurtdaky ýokary tizlikli demir ulgamynyň aglaba bölegi soňky 10 ýylyň dowamynda guruldy.

Hurşida Narmetowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri
19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
20.09.2017 | Milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda 127 medal: 53—altyn, 37 kümüş, 37—bürünç medal bar
Bäş günde 127 medal
GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy
Türkmenistanda aktiwist Myrat Düşemowy tutdylar, doganyny bolsa, näbelli tarapa alyp gitdiler