2020-nji ýyly 28-30-njy sentýabry aralygynda Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) ministrleriniň 48-nji maslahatyna “Turkmendemiryollary” agentliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda 2020-nji ýyl üçin gutarnykly býudjeti tassyklamak we 2021-nji ýyl üçin deslapky býudjet düzmek, agzalyk töleglerini tölemek we täze ýolbaşçy bellemek üçin guramaçylyk meselelerine garaldy.
DÝHG-niň häzirki başlygy jenap Tadeus Şozdanyň pensiýa ýaşynyň dolandygy sebäpli işinden aýrylýandyklaryny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýygnaga gatnaşyjylar 22 ýyllap DÝHG-ä ýolbaşçylyk eden jenap Tadeus Şozdanyň guramanyň agza ýurtlarynyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde, şeýle hem DÝHG-niň halkara guramalarynyň arasynda abraýyny ýokarlandyrmakda ägirt uly goşant goşandyklaryny bellediler.
Antonowiç Miroslawy 2020-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 2022-nji ýylyň 30-njy iýuny aralygynda ýolbaşçy wezipesine bellemek barada biragyzdan kabul edildi.
Duşuşygyň ahyrynda Taraplar jenap Tadeus Şozda ussatlygy we bu DÝHG-ä gatnaşyjy döwletleriň demirýol edaralarynyň ulag ulgamynda amala aşyrylan uly işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.