
Türkmenistanyň Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 20-nji şahamçasy Etrek, Gypjak, Tejen, Sarahs, Altyn asyr, Mary, Zerger, Türkmenabat-2, Kerki, Daşoguz demir ýol beketlerinde özüniň has amatly şertleri bilen tapawutlanýan Ýükleýiş-düşüriş ýük howlularynyň ýokary hilli hyzmatyny hödürleýär.
Türkmendemirýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu hyzmatdan demir ýol ulaglary arkaly ýük daşaýan we ýük daşamaga isleg bildirýän her bir müşderiniň peýdalanmaga mümkinçiliginiň bardygy aýdylýar.
Diňe bir ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen çäklenmän, bu ýük howlularynda açyk we ýapyk görnüşli ýük ammarlary hem bolup, olarda müşderileriň ýüklerini islendik möhlete çenli amatly we elýeterli bahalarda saklap bermek hyzmaty hem hödürlenýär.
Şeýle-de, okaň: