Germaniýanyň Siemens kompaniýasynyň golçur kärhanasy Siemens Mobility, Müsüriň hökümeti bilen 2000 kilometrlik ýokary tizlikli demir ýol ulgamyny gurmak barada şertnama baglaşdy.Indi kompaniýa bu ýurda 41 sany ýokary tizlikli otlyny, 94 sebit otlusyny we 41 sany ýük lokomotiwini iberjekdigini habar berdi. Şeýle hem şertnama esasynda sekiz demir ýol menzili gurlup, olara 15 ýyl tehniki hyzmat etmek göz öňünde tutulýar.
Müsür biziň iň täze tehnologiýalarymyz bilen dünýäde iň ösen ýokary tizlikli demir ýol ulgamyna eýe bolar diýip, Siemens kompaniýasynyň baş direktory Roland Buş şertnama gol çekişlik dabarasynda aýtdy.
Siemens Mobility bu mega taslamasynyň üstünde Müsüriň gurluşyk kompaniýalary Orascom Construction we The Arab Contractors bilen bilelikde işleşýär. Siemens-iň golçur kärhanasynyň taslamadaky paýy 8,1 milliard ýewro bolup, 2021-nji ýylda gol çekilen birinji ugur üçin başlangyç 2,7 milliard ýewro şertnamany hem öz içine alýar.
Ýurduň demir ýollarynda täze döwür
Uzynlygy 2000 kilometre barabar bolan ýokary tizlikli demir ýollaryň häzirki zaman ulgamy ýurduň 60 şäherini birleşdirer.Otlular sagatda 230 kilometre çenli tizlik bilen bu ugur boýunça hereket edip bilerler.
Siemens Mobility-yň maglumatlaryna görä, täze demir ýol ulgamyny Müsüriň ilatynyň, takmynan, 90 göterimi ulanyp biler.Täze demir ýol ulgamy doly elektrikleşdiriler we häzirki awtoulaglar bilen deňeşdirilende, howa goýberilýän CO2 zyňyndylaryny 70 göterim azaldar.
Gol çekişlik dabarasyna gatnaşan Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi täze demir ýol ulgamyny Müsüriň ulag ulgamyna gymmatly goşant we Müsürde, Afrikada we Ýakyn Gündogarda demir ýol ulgamy üçin täze döwrüň başlangyjy diýip atlandyrdy.