Türkmenistanyň demirgazygynda duzly tupan turdy. Aral deňzi tarapyndan gelen ýel Daşoguz welaýatynyň birnäçe etrabyny duzly tozan bilen örtdi, ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyny kynlaşdyrdy.
13-nji maýda öýlän turan ýel bilen gelen duzly tozan Daşoguzyň demirgazyk- günbatar etraplarynyň ondan gowragyny gurşap aldy.
Saparmyrat Türkmenbaşy, Ak depe, Ruhybelent etraplarynda ýiti duzly tozan zerarly dem almak kyn boldy. Howada peýda bolan duzly ümür adamlaryň dem almagyny kynlaşdyrdy.
"Howa duzly tozan aralaşansoň şemal hem bolmandy. Ümüre meňzeş ýagdaý döredi we howa aralaşan ak duzly tozan şu gün daňdan sagat üçe çenli dowam edip, ulaglaryň we öýleriň üçeklerini örtdi. Bar ýeri 1 santimetre golaý duz gaplady" diýip, Azatlygyň habarçysy 14-nji maýda Daşoguzdan habar berdi.
Duz bölejiklerinden düzülen tozanly howa adamlaryň demini gysdyrdy. Saglyk kemçilikleri bolan adamlaryň we çagalaryň ýagdaýy has kyn boldy.
"Şu gezek bolan tozanly howa dem gysma, ýürek, öýken hassalyklary bolan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirdi. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda bir adam aradan çykdy. Onuň demgysma keseli bardy. Ol öýlän howada duzly tozan turanda ekin meýdanynda işläp ýördi. Birden demi gysyp, aradan çykdy" diýip, habarçymyz etrapda tebigy hadysa sebäpli bolan ýagdaýlaryň biri barada habar berdi.
Şeýle-de, ýerli lukmanlaryň sözlerine görä, ýerli hassahanalara örän köp näsag ýüz tutupdyr.
Ýerli ýaşaýjylar şeýle duzly tozanyň mundan birnäçe ýyl ozal hem bolandygyny ýatlap, şonda gurap barýan Aral deňzinden gelen duzly tozanyň ekin meýdanlaryny zaýalap, adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirendigini gürrüň berýärler.
Daşoguzlylar, häkimiýetleriň ne ozal, ne-de häzir bu tebigy hadysa barada ilata habar berýändigini belläp, adamlara onuň täsirlerinden özlerini goramak üçin näme etmelidigini düýpden düşündirmeýändiginden nägile bolýarlar.
"Döwlet tozanly duzly howanyň düzümini öwrenip, ilata ýetirip biljek ýaramaz täsirleriniň öňüni alarmy diýen sorag adamlary gynaýar.
Türkmenistanyň giňişliginde duzly tupanlar öňem birnäçe gezek boldy.
2018-nji ýylyň 27-nji maýynda demirgazyk welaýaty gurşap alan duzly apy-tupan demirgazyk-günbatardan gelipdi. Sekuntda 20 metr tizlik bilen öwsen ýel regiona duz we tozan garyndyly tupany getiripdi.
Şondan bir gün soň, 27-den 28-ne geçen gije çal tozan Aşgabady hem gurşap aldy. Bu ýagdaý tutuş güni dowam edip, 29-njy maýda hem duzly tozan belli bir derejede saklanyp galdy.
Munyň yzýany şol ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan peýda boldy, emma ol ozalkydan onçakly güýçli bolman, 250 metr çemesi aralygy görse bolýardy.
Duzly tupan 2018-nji ýylyň güýzünde ýene turdy. 8-nji oktýabrda Daşoguzdaky Türkmenbaşy, Ruhybelent we Akdepe etraplarynda güýçli duzly ýel duýuldy.
2019-njy ýylda duzly tozan ýene-de Daşoguz welaýatyny gurşapdy. Duzly ümür iki gije-gündizläp dowam etdi.
Soňky ýyllarda ýygjamlaşan adaty bolmadyk tebigy hadysalar, şol sanda duzly we tozanly tupanlar, güýçli ýagynlar, suw joşgunlary adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrýar, saglygyna howp döredýär we oba hojalygyna zyýan ýetirýär.
Hökümet agzalarynyň we döwlet metbugatynyň bu ýagdaýlary düýpden agzamazlygy ilat arasynda howatyrlanma döredýär.
Aral deňziniň duzuny töwerek-daşa ýaýradýan tupanlar goňşy ýurtlarda hem peýda bolýar. Gurap barýan deňziniň ýagdaýy tutuş Merkezi Aziýa üçin ekologik betbagtçylyk hasaplanýar we döwletler arasynda ara alnyp maslahat edilýär.
Türkmen hökümeti bu problemany çözmegiň ugrunda öz inisiatiwalary bilen çykyş edýändigini resmi derejede yglan edip gelýär, emma ýurduň öz giňişliginde ýygjamlaşan tebigy ýagdaýlary, şol sanda duzly tupanlaryň hatda bolýandygyny hem boýun almaýar. Ýurt metbugatynda soňky ýyllarda birnäçe gezek bolan bu tebigy hadysa barada bir gezek hem habar berilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.