“Delta Air Lines” ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrar

ABŞ-nyň “Delta Air Lines” awiakompaniýasy ABŞ bilen Hytaýyň arasynda şu ýylyň ahyrynda uçuşlaryň sanyny artdyrjakdygyny aýtdy.

“Delta Air Lines”-iň habaryna görä, awiakompaniýa Sietlden Şanhaýa her günde (Pudong halkara howa menzili) Detroýtdan hepdede üç gezek uçuşlary amala aşyrar.

Geljek ýylyň mart aýynda awiakompaniýa hepdede dört gezek Los-Anjelesden Şanhaýa uçuşlaryny täzeden dowam etdirer. Bu ugurdaky iň soňky uçuş 2020-nji ýylyň fewral aýynda amala aşyrylypdy.

– Islegiň artmagy we Aziýa-Ýuwaş umman sebitine syýahat möwsüminiň başlamagy bilen “Delta Air Lines” topary bu gyşda has köp syýahatçyny garşylamaga taýyn diýip, “Delta Asia Pacific”-iň wise-prezidenti Jeff Mumo aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäheri
Nýu-Ýork ABŞ-nyň ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriniň reýtinginde bäşinji orny eýeledi
Uçarlary elektrik energiýasy bilen işlär
Futbol täzelikleri