Serhetsiz reportýorlar guramasy (SRG) Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat wekili, Samarkantda ministrler derejesinde geçirilýän ÝB-Merkezi Aziýa ýyllyk duşuşygyna gatnaşýan Federika Mogherinä hat ýazyp, ony ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynda adam hukuklarynyň we metbugat azatlygynyň ileri tutulmagyna basyş görkezmäge çagyrdy.
Düýbi Parižde ýerleşýän we dünýä ýüzünde metbugat azatlygynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän halkara hukuk guramasynyň baş direktory Kristof Delor ýokary derejeli wekil Mogherinä ýüzlenip, Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklary ýagdaýynyň ileri tutulmagyna basyş edilmeginiň örän zerur bolup durýandygyny nygtady.
“Hususan-da biz siziň ünsüňizi tutuş sebitde žurnalistleriň we medianyň agyr ýagdaýyna çekmek isleýäris” diýip, Delor ýazýar.
“Sebitde aýratyn bir ýagdaý bolan gyrgyz mediasynda plýuralizmiň bardygyna garamazdan, tutuş Merkezi Aziýa babatda aýdylanda metbugat azatlygy ýagdaýy öwerlik däl” diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň başlygy Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň ýylyň-ýylyna SRG-nyň Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde iň aşakdaky orunlary eýeleýändigini we bu sebitde awtoritar tendensiýalaryň ýokarlanýandygyny ýatladýar.
“Websaýtlary petiklemek we Russiýanyň hyjuwlandyrmagynda pikir azatlygyny jylawlaýan kanunlar giň ýaýraýar, žurnalistler köplenç gynalmagyň we bikanun tussag edilmegiň obýektine öwrülýär” diýip, hatda aýdylýar.
Şeýle-de hatda Türkmenistanyň SRG-nyň Bütindünýä media azatlygy indeksinde 180 ýurduň içinde 178-nji orunda durýandygy, döwletiň metbugatyň we internetiň üstünden doly kontrollyk edýändigi bellenilýär.
“Soňky ýyllarda birnäçe bolup galan garaşsyz žurnalistleri ýanamak has-da ýygjamlaşdy, yzygiderli azar berilmegi sebäpli olaryň birnäçesi işini togtatmaga mejbur boldy. Žurnalistleri galp aýyplamalar bilen tussag etmek we olaryň adalatly sud edilmezligi erjellik bilen dowam etdirilýär” diýip, Delor 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri türmede saklanylýan garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna ünsi çekýär.
Hatda bellenilişi ýaly, BMG-nyň eden-etdilikli tussag etmelere garşy işçi topary “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň we Azatlyk radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýwiň tussaglykda saklanylmagyny eden-etdilikli, ýagny bikanun diýip häsiýetlendirdi.
Şeýle-de hatda Metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 169-njy orunda durýan Özbegistanda, soňky wagtlarda dörän açyk-aýdyňlaşma alamatlaryna we birnäçe tussagyň azat edilmegine garamazdan, azyndan bäş žurnalistiň öz işleri bilen baglylykda tussaglykda galýandygy bellenilýär. Ol tussaglaryň arasynda dünýäde iň uzak türmede saklanan žurnalist Muhammad Bekjanow hem bar.
“Irmok” gazetiniň bäş žurnalistiniň azat edilendigi barada aýdylýanlar şindi tassyklanylmaly. Özbek žurnalisti Bobomurad Abdullaýew golaýda tussag edildi, tanymal blogçy Haýothon Nasriddinowyň tussag edilendigi aýdylýar we bular demokratik reformalary wada beren täze hökümetiň işleri, olaryň ikisine-de aklawçy berilmedi. Öňdebaryjy garaşsyz habar serişdeleri bolan “Fergana” websaýty we Ozodlik radiosynyň websaýty ýurt içinde petikli bolmagynda galýar” diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň başlygynyň ÝB-niň daşary syýasat wekili Federika Mogherinä ýazan hatynda aýdylýar.
Şeýle-de hatda Gazagystandaky, Täjigistandaky we Gyrgyzystandaky metbugat azatlygy meseleleri barada durlup geçilýär.
“Metbugat azatlygyna has giň hormat goýulmagyna ýardam etmek ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen howpsuzlyk we ykdysadyýet meselelerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek eder” diýip, Kristof Delor öz hatynyň soňunda gymmatlyklara esaslanýan birleşik we Merkezi Aziýanyň öňdebaryjyy donory hökmünde, ÝB-niň sebit bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde hakyky borçlulygy üpjün etmäge borçludygyny belleýär.