Delini çabga basdy

Delini çabga basdy

Hindistanyň paýtagtyna gije düşen güýçli çabga netijesinde şäheriň dürli böleklerini suw basdy. Bu barada India TV teleýaýlymyna salgylanýan Report ýazýar.

Bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde köçeler derýa dönüp akdy, ulaglaryň hereketi togtady. Ygalyň çakdanaşa köp düşmegi bilen baglylykda, Hindistanyň Meteorologik edarasy Deli şäherinde 24 sagatlyk howa howplulygynyň gyzyl derejesini yglan etdi.

Ýaşaýjylara öýlerinde galmak, gapydyr penjireleri ýapmak hem-de zerur bolmasa, saparlardan saklanmak maslahat berildi. Onlarça raýat öz öýleriniň tutuşlygyna ýa-da diwarlarynyň ýykylandygy barada polisiýa ýüz tutdy.

Paýtagtyň Gazipur etrabynda 22 ýaşly zenan çagasy bilen ýapda gark boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gurban baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär
Eýran ABŞ-nyň Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Meselesine İçgin Çemeleşmeýändigini Beýan Edýär
Hindistan Bütindünýä Küşt Çempionadyna Ýer Eýeçiligini Eder
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy