Delide howa 48 gradus gyzdy

Delide howa 48 gradus gyzdy

Hindistanyň paýtagty Delide we onuň golaýyndaky etraplarda soňky günlerde howanyň derejesi 48 gradusa golaýlady. Bu barada ýurduň meteorologiýa gullugy habar berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Bu şu möwsümde hasaba alnan iň ýokary howa derejesidir diýip, ady tutulan gullugyň habaryna bellenýär.

Häkimiýetler paýtagtda, şeýle-de Rajastan, Penjap, Uttar-Pradeş we Harýana ştatlarynda howa howplulygynyň iň ýokary gyzyl derejesini yglan etdiler.

Yssy howa Hindistanda ýene azyndan bäş gün dowam eder diýlip, çaklanýar.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli 16 Adam Ýogaldy
Delini çabga basdy
Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi
Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyrylar
Hindistanda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyklar geçirildi
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar