Dekabrda saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçiriler

Dekabrda saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçiriler

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow bu foruma görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Wise-premýer 28-29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň GFR-e amala aşyran saparynyň çäklerinde, öňde boljak forum boýunça birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi.

Hususan-da, degişli teklipler öňe sürlüp, olara laýyklykda, agzalan forumy şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly guramak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutany wise-premýer N.Amannepesowa saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-german forumy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistan saglygy goraýyş boýunça täze halkara güwänamalara mynasyp boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan Germaniýanyň kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda hyzmatdaşlyk eder
Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy