Dekabr aýyndan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ-niň uçar ugurlary artar

Türkmenistanyň awiatorlary Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasyna täze ugurlary ýola goýarlar, şeýle hem Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary dikelderler. Ýakyn günlerde Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany), Birmingeme (Beýik Britaniýa) we Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) uçar petekler satylyp başlanar. Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ dekabryň ikinji ýarymyndan şol ýurtlara ýolagçy gatnatmagy amala aşyryp başlar.

Türkmen awiatorlary ýylda halkara we içerki gatnawlarda üç milliona golaý adama hyzmat edýärler. Ýewropa howpsuzlyk ulgamy talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikatyň we Ýewropanyň şäherlerine uçargatnawlaryna lizensiýanyň alynmagy awiakompaniýa üçin wajyp waka boldy.

Awiasiýa howpsuzlygy Ýewropa agentliginiň (AHÝA) Aşgabatda geçiren göçme auditiniň netijeleri boýunça awiakompaniýa üçünji ýurtlaryň operatory hökmünde ykrar edildi. Şeýlelik bilen Ýewropa agentligi Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ-niň görkezilen birleşige girmeýän ýurtlaryň awiakompaniýalaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklady.

Ýewropa ýurtlaryna uçuşlara sertifkat Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ-niň işgärleriniň we Lufthansa Consulting kompaniýasynyň bilermenleriniň EASA-nyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işi netijesinde alyndy. Bu işe uçuşlaryň hilini we howpsuzlygyny dolandyrmak, awiasiýa tehnikasyny ulanmak we oňa tehniki hyzmat boýunça hünärmenler topary çekildi.

Bilermenler bilen bilelikde Ýewropa agentliginiň masahatlary durmuşa geçirildi. Awiakompaniýanyň işiniň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. AMOS - Aircraft Maintenance and Engineering System integrirlenen programma üpjünçiligi satyn alyndy. Awiakompaniýanyň gulluklarynyň arasynda elektron resminama dolanşygy amala aşyrylýar, işgärler okuw türgenleşigini geçdiler.

Häzirki wagtda awiakompaniýanyň işgärleri Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna uçar gatnawlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini öwrenýärler, gatnawlary ýygylatmaga we geljegi uly Aziýa --Ýuwaş umnany sebitlerine hem-de Arabystan ýarym adasyna uçuşlaryň çägini giňeltmäge taýýarlanýarlar.

Milli awiakompaniýamyz bu sebitlere gatnawy artdyrmak üçin täze awiasiýa tehnikasy uzak aralyga gatnaýan iň döwrebap Boeing 777-200 LR uçaryny ulanmagy göz öňünde tutýar. 2021-nji ýylda bu uçarlaryň sany artar. Şu amatly uçarda Hoşimine (Wýetnam) we Kuala-Lumpura (Malaýziýa) yzygiderli uçuşlar amala aşyrylar.

Ýewropadan, Türkiýeden, GDA ýurtlaryndan, Tailanddan we Wýetnamdan Aşgabadyň halkra aeroportunyň üstünden Arabystan ýarym adasyna gidýän syýahatçylar üçin ugurlar işlenilip taýýarlanylýar. Bu ugurlar Germaniýadan, Angliýadan, Russiýadan we Türkiýeden gelýän uçuş ugurlary bilen utgaşdyrylar, bu bolsa üstaşyr uçar syýhatçylary üçin goşmaça amatlyklar döreder.

Ýene degişli makalalar

28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Awtomobil ulаg hyzmaty kompaniýasy taksi sürüjilerini işe çagyrýar
TULM AGPJ gurnamagynda MNG Airlines Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
Awtomobil ulаg hyzmaty kompaniýasy sürüjileri işe çagyrýar
Eýranyň işewürleri “Abadan haly” AGPJ-niň haly toplumyna baryp gördüler
Awtomobil ulаg hyzmaty AGPJ sürüjileri işe çagyrýar