Dekabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

Şu ýylyň dekabr aýynda birnäçe medeni çäreleri guramak, “Merdana nesil — 2024”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Birnäçe çäreler Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabatlanylar.Esasy medeni çäreleriň hatarynda 15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri bar. Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň arasynda täze ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, dekabr aýynda ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe täze desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegine garaşylýar.

Bu barada 22-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi. /* custom css */ .td_uid_15_6741c6124cb3a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6741c6124cb3a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Dekabr aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?
Türkmenistanda ilat Täze ýyly berk gözegçilikde, öçügsi belledi
Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli
Bilim kämillik ýoly
Arkadag geljegiň şäheri
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti