Dynç günleriňizi täsirli we rahat geçirmek isleýärsiňizmi? Dejavu restorany sizi fransuz aşhanasynyň dünýäsine aralaşmaga we gaýtalanmajak rahat gurşawdan lezzet almaga çagyrýar.
Siz bu ýerde milli usulda taýýarlanan nusgawy fransuz tagamlarynyň dürli görnüşlerini tapyp bilersiňiz. Ýeňil işdäaçarlardan we lezzetli çorbalardan başlap, tagamly steýkleri we näzik süýjülikler bilen restoranyň menýusy hatda iň talapkär müşderileri hem kanagatlandyrar.
Agşamyň has-da ýatda galyjy bolmagy üçin janly sazlar ýa-da DJ-leriň şowhunly eserleri ýaňlanar.
Dejavu restoranynyň myhmanlara birnäçe dynç alyş zolagyny hödürleýändigini ýatladýarys: ikinji gatdaky giň zal, rahat eýwan we 10 adama niýetlenen aýratyn VIP otagy.
Dejavu restorany şu salgyda ýerleşýär: 10-njy kiçi etrapça, Dagbaşy binasy.
Telefonlar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial ulgamdaky sahypasy.