Dejavu Täze ýyl oturylyşyk agşamlaryna çagyrýar

Dejavu Täze ýyl oturylyşyk agşamlaryna çagyrýar

25 — 30-njy dekabr aralygynda Dejavu restoranynda ýakynlaryňyz hem-de dostlaryňyz bilen Täze ýyl oturylyşygyňyzy şatlykly pursatlara besläp geçirip bilersiňiz.

Bu ýerde myhmanlara DJ Muslimiň, şowmen Maksat Çaryýewiň hem-de alypbaryjy Mähri Muhammedowanyň çykyş etmeginde joşgunly baýramçylyk maksatnamasy garaşýar. Dabara agşamyna Aýazbabanyň we Garpamygyň hem gatnaşmagy Täze ýylyň bosagasynda bellenilýän oturylyşyk çäresine özboluşly şatlyk goşar.

Restoran datly Täze ýyl menýusyny hem-de gazlandyrylan içgileriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerde her özbaşdak oturýan myhmanlar topary agşamyň täsirli çykyşlaryň, tagamly naharlaryň lezzetini duýmak bilen, dostluk hem şatlyk gurşawynda dynç alyp bilerler.

Oturylyşyk agşamyny guramak üçin (+993 71) 12 22 21 telefon belgisine jaň edip, öňünden ýer belledip goýmak zerurdyr. Restoran 10-njy kiçi etrapçada, Dagbaşy binasynda ýerleşýär.

Täze ýylyň jadysyny Dejavu restoranynda duýuň!

Ýene degişli makalalar

Dejavu restorany baýramçylygy lezzetli tagamlar bilen bellemäge çagyrýar
Dejavu restoranynda fransuz äheňindäki tomus agşamlary
Balkanda toýlarda diňe türkmen sazlaryny we Arkadag aýdymlaryny aýtdyrmaga rugsat berilýär
Awazadaky Soltan restorany: ajaýyp aşhanalar we deňiz kenaryndaky dynç alyş gurşawy
Awazadaky Soltan restorany gaýtalanmajak deňiz gözelligini we romantik gurşawy hödürleýär
Awazada täze Soltan restorany açyldy