Dejavu restoranynda täzelenen tomus tagamnamasy hödürlenýär

Dejavu restoranynda täzelenen tomus tagamnamasy hödürlenýär

Aşgabatdaky meşhur Dejavu fransuz restoranynyň tagamnamasynda täze tomus tagamlary peýda boldy. Binanyň baş-aşpezi myhmanlar üçin tomus möwsüminiň ýeňilligini we serginligini şöhlelendirýän birnäçe täze tagamlary taýýarlady.

Tagamnamanyň ähli bölümlerine degişli bolan tagamlarda täzeçillikleri görmek bolýar. Bu ýere gelýänler işdäaçarlaryň, salatlaryň, çorbalaryň we gyzgyn tagamlaryň arasynda täze görnüşlere baha berip bilerler. Olarda möwsümleýin goşundylary we ýeňil tomus tagamlaryny ulanmaga aýratyn üns berlipdir.

Süýjülik tagamlarynyň tagamnamasy hem üýtgewsiz galmady. Aşpez günortanlyk ýa-da agşamlyk nahary üçin ajaýyp jemlemä öwrüljek birnäçe täze süýjülikleri taýýar etdi.

Täze tagamnama Dejavu restoranynyň myhmanlary üçin eýýämden elýeterli bolup, binanyň ýolbaşçylary bu täzeçillikler tomus möwsüminde ajaýyp fransuz aşhanasyndan lezzet almak isleýän hemişeki müşderileriň-de, täze myhmanlaryň hem göwnünden turar diýip umyt edýärler.

Restoranyň iki sany giň zalynyň bardygyny ýatladýarys. Binanyň ikinji gatyna 80 adam, üçünji gatyna bolsa 100 adam ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim
Dejavu Täze ýyl oturylyşyk agşamlaryna çagyrýar
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Janly saz we saýlanan tagamlar: Dejavu restoranynda agşam
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar