Dejavu restorany Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny uly höwes bilen ýekşenbe güni ertirlik naharyny edinmäge çagyrýar.
Bu ýerde fransuz aşhanasynyň ter hem ýokary hilli önümlerdir goşundylardan taýýarlanan datly tagamlaryndan lezzet alyp bilersiňiz. Restoranyň tagamnamasynda näzik omletler, howaly kruassanlar hem-de hoşboý ysly çörek önümlerini tapmak bolýar.
Elbetde, hoşboý ysy bilen ertirlik naharyňyzyň üstüni ýetirjek kofe ýa-da çaý barada hem ýadyňyzdan çykarmaň.
Dejavu hemişe myhmanlary üçin amatly gurşawy döretmäge çalyşýar, olara ýekşenbe gününi hem fransuz stilindäki ýakymly ertirlik nahary bilen başlamaga mümkinçilik döredýär.
Restoran size şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., 10-njy kiçi etrapça, Dagbaşy binasy.
Öňünden ýer sargyt edip goýmak üçin telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: