Dejavu restorany gündizine ähli tagamlara 20% arzanladyş yglan edýär

Dejavu restorany gündizine ähli tagamlara 20% arzanladyş yglan edýär

Fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu myhmanlary üçin ýörite teklip taýýarlady gündizine ähli tagamlara 20% arzanladyş hereket edýär.

Duşenbeden anna gününe çenli sagat 12:00-dan 15:00-a çenli arzan bahadan hakyky fransuz tagamlaryndan lezzet alyp bilersiňiz.

Restoranyň baş aşpezi fransuz nahar taýýarlamak usullaryny häzirki zaman gastronomiki lezzetleri bilen ussatlarça utgaşdyryp, özboluşly we gaýtalanmajak tagamlary döredýär.

Dejavu restoranynyň menýusynda çorbalar, etden we deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlar, işdäaçarlar, süýjülikleri we başga-da dürli tagamlar hödürlenýär.

Dejavu işewürlik günortanlygy, dostlar bilen duşuşmak ýa-da maşgala nahary üçin ajaýyp ýerdir.

Restoranda iki sany rahat zalyň bardygyny bellemek gerek: rahatlyk höküm sürýän giň esasy zal we arassa howada naharyňyzdan lezzet alyp boljak tomusky eýwan.

Dejavu restorany şu salgyda ýerleşýär: 10-njy kiçi etrapça, Dagbaşy binasy.

Stollary bronlamak üçin şu telefonlara jaň edip bilersiňiz: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Fransuz restorany Dejavu DJ bilen aýdym-saz agşamyny taýýarlaýar
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Dejavu restorany baýramçylygy lezzetli tagamlar bilen bellemäge çagyrýar
Dejavu restorany ýekşenbe ertirliklerine çagyrýar
Dejavu restoranynda fransuz äheňindäki tomus agşamlary