Dejavu restorany siziň üçin ajaýyp bir wakany — EV prime perfumerie atyrlarynyň ýygyndysynyň tanyşdyrylyşyny taýýarlady.
Şu hepdäniň şenbe güni, ýagny 9-njy noýabrda agşam myhmanlar orkestriň we DJ-iň simfoniki aýdym-sazlaryndan, şeýle hem restoranyň garaşylmadyk ýakymly sowgatlaryndan lezzet alyp bilerler: bu ýerde baýrak gowşurylyşlary we aýratynlykdaky gutlaglar bolar.
Size seýrek gabat gelýän hoşboý yslaryň täsin dünýäsine syýahat etmek garaşýar. Bu ýerdäki her bir nota özboluşly taryha eýedir. Dejavu restoranynyň rahat atmosferasynda eksklýuziw atyr kompozisiýalarynyň syryny açyň.
Çärä diňe öňünden bron etmek arkaly girip bolýandyr.
Habarlaşmak üçin: