Dejavu restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar

Dejavu restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli fransuz aşhanasynyň Dejavu restorany kiçijik myhmanlary we olaryň ene-atalaryny 1-nji iýunda sagat 12:00-dan 15:00-a çenli aralykda guraljak baýramçylyk çäresine gatnaşmaga çagyrýar.

Restorana geljek myhmanlar animatorlaryň guraýan ýaryşlarydyr oýunlaryndan, çagalaryň gyzykly hem şowhunly maksatnamasyndan lezzet alyp bilerler. Şeýle hem çagalaryň döredijilik ukyplaryny synamak maksady bilen, olaryň öz elleri bilen gyzykly bir zat döretmegine bagyşlanan ussatlyk sapagy bolar.

Elbetde, datly tagamlar bolmazdan, baýramçylyklary göz öňüne getirmek mümkin däl.

Esasanam, kiçijik gurmanlar üçin bu ýerde pizza, kitirdewük naggetsler, ýeralma frisi, sowuk miweli içgiler we süýjülikler hödürlener.

Giriş peteginiň bahasy: 350 manat.

Petekleri sargyt edip goýmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bolýar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim
Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Soltan Aşgabadyň islendik ýerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär