Dehistandaky XII-XIII asyrlaryň sepgidinde gurlan Juma metjidiniň öňündäki howlynyň demirgazyk diwaryndaky girelgede ylmy arheologiýa arassalaýyş işleri dowam etdirilýär. Ylmy işleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ýere syýahata gelýänler üçin Dehistanyň orta asyrlarynyň taryhyna maddy çeşmeleriň üsti bilen aralaşmaga giň mümkinçilikler dörär.
Arheologiýa ylmy işleriň dowamynda häzirki wagtda girelge bilen bagly gurluşyklaryň birnäçesiniň üsti açyldy.Girelgäniň ikiýan tarapynda öňe çykyp duran gönüburçly söýegleriň galyndylarynyň depesi öň ýarym aýlawly ýapylyp haşamlanypdyr.
Girelgäniň diwarlarynda gežden edilen köne suwaglaryň bölekleri bar.Saklanyp galan pilonlarynyň örüminde 27x27x9 sm ölçegdäki iri bişen kerpiçler ulanylypdyr.Girelgäniň gapdal diwarlarynyň içki örümde kerpiç hatarlarynyň arasynda 2 sm inlilikde boşluk goýlup, gež palçygy bilen doldurylypdyr hem-de insizje dik çyzyklar edilip, özboluşly bezegler emele getiripdirler.
Ylmy gazuw işleriniň dowamynda bitewi, ýüz tarapy aşak ýatan nagyşly bölek ýüze çykaryldy.Nagyşlar, türkmenleriň haly we keçe önümlerinde, şeýle hem aýal-gyzlaryň “namazlyk” diýip dokaýan önümlerinde köp salynýan “goçak” nagşyna meňzeş.
Bezegler ilki kürede bişirilmänkä öl toýun palçygyna kesilip, oýulyp ýazylypdyr.Soň nagyşlaryň ikiýan taraplaryna endigan gež suwagy edilipdir.Bu birinjiden nagyşlaryň inine deň ölçeglilik, gelşik hem-de endigan yzy üzülmeýän sazlaşyklary döredýär.
Ikinji tarapdan bolsa bezegleriň bölekleriniň bişen kerpije mäkäm berkidilmegine goşmaça ýardam berýär.
Arassalaýyş işleriniň dowamynda bütewi duran nagyşly bölege gündogar tarapda degip ýatan başga bir hatly bölek ýüze çykaryldy.Arap haty kufi ýazuwynda ýerine ýetirilipdir.Hatlaryň gapdal taraplary nagyşly bölekdäki ýaly gež suwagy edilipdir.
Harplar bişen kerpiçden edilen örüme alebastr palçygy bilen berkidilipdir.Harplaryň beýikligi 0,35 metr, ini bolsa 3 santimetr.Bölek saklanyp galan hatlar entek doly okap ýetişilenok, ýöne onuň başynda “mälik” diýen sözüň bardygy çaklanylýar.
Bu bölek ýykylan döwründe hem-de üstündäki agyrlygyň netijesinde güýçli zyýan çeken bolmaly.Onuň birnäçe ýerleri çat açyp çyzylypdyr.
Girelgäniň çep tarapky pilonyndan 4,00 metr demirgazykda 24x24x4 santimetrlikdäki bişen kerpiçleri gapyrgalaýyn goýmaklyk bilen, sünnälenip, “arça ýapragyna” (parket) meňzedilen pol-düşek başlanýar.
Ylmy gazuw-arassalaýyş işlerinde tapyndylaryň içinde uly bolmadyk ölçegdäki terrakota önümleriniň görnüşleri, dürli ölçegdäki bişen kerpiçleriň bütewileri we bölekleri, oýulyp bezelen kerpiçleriň bölekleri agdyklyk edýärler. “Bantik” (“düýejik” diýlip hem atlandyrylýar) bezeg daşlary, tegelek hem-de yzygiderli aýlawly bezegleri jemleýän bişen kerpiçden edilen “goçbuýnuz” bezeg daşlary köp duşýar.
Gež suwagyndan edilen bezegleriň bölekleriniň käbirinde pes hilli gök reňkleriň ýokundylary bar.Keramika gaplaryň döwükleri az duşýär.Olar esasan suwuk zatlar üçin niýetlenilen syrçaly we syrçasyz keramika gaplaryň ownuk döwüklerinden ybarat.
Metal önümleriniň bölekleriniň az sanlysy ýüze çykaryldy.Olar bürünçden ýasalan biz görnüşli guralyň bölegi hem-de iki sany bürünç önüminiň bölekleri.
Bu möwsümde bu ýerde alnyp barylan işleriň netijesinde dogrudan hem onuň Juma metjidiniň howlusynyň demirgazyk diwaryndaky esasy girelgesi bolandygyny çaklamaga ynamy has berkidýär.Sebäbi ýüze çykarylan maddy tapyndylargurluşyklaryň, bezegleriň bölekleri, tapyndylar aýdylanlary tassyklaýarlar. Ösen orta asyrlarda mälim bolşy ýaly dini binalaryň, esasan hem metjitleriň bir ugurda ýerleşen girelgeleriniň we mähraplaryň haşamlamak has ýörgünli bolupdyr.
Käbir alymlaryň ýazmaklaryna görä olar şol döwrüň ideologiýasyna laýyklykda “jennete alyp barýan ýol, ýa-da girelge” diýlip hasaplanypdyr.Girelgeden ýüze çykarylan tapyndylaryň, döwülen bezeg hem-de hatly bölekleriň, örüm we suwag galyndylarynyň öz wagtynda kemsiz bezelendigini görmek bolýar.
Ylmy arassalaýyş işleri dowam etdirilýär.