Dehistanyň gündogar kerwensaraýy

Dehistanyň gündogar kerwensaraýy

Taryhy ylmy edebiýatlarda Dehistanyň gündogar kerwensaraýy ady bilen hasaba alnan ýadygärlik Dehistan şäheriniň harabalygynda mälim edilen üç sany kerwensaraýyň biridir. Ýarym gektardan gowrak meýdany eýeleýän, ilkibaşky görnüşi gönüburçly bolan bu binanyň üsti häzirki wagtda tutuşlygyna doly açylmasa-da, onuň arassalanyp görlen otaglarynyň gurluşlary ylymda köp zatlary aýdyňlaşdyrmaga ýardam edýär.

Kerwensaraýyň diwary örän berk gurlupdyr.Ol iki gatdan, daşynyň galyňlygy 2,5 metre çenli ýetýän pagsadan, içinden bolsa 23 — 25 santimetr galyňlykda bişen kerpiçler bilen berkidilipdir.Bu bolsa, hüjüm wagtynda berk goragy üpjün etmek bilen birlikde kerwensaraýyň ýaşaýjylaryny tomsuna yssydan, gyşyna sowukdan gorapdyr.

Myhmanhanada bar bolan 40 otagyň häzire çenli 25 sanysy hem-de howlusynyň bir bölegi arassalandy.Otaglar göwrümleri hem-de gurluş taýdan dürli-dürlüdir. Ýaşamak üçin niýetlenen otaglaryň hersinde 2 — 3 adam ýerleşen bolmaly. Şundan çen tutsaň, Dehistanyň diňe şu kerwensaraýynyň özi her gije-gündiziň dowamynda, orta hasap bilen, 100 — 120 ötegçini kabul edipdir.

Kerwensaraýyň bişen kerpiçler arkaly ýerine ýetirilen işleri dürli nagyşlara baýdygy bilen tapawutlanýar.Myhmanlara başga ýere çykman naharlanmakda, hammamlyk hajatlaryny amala aşyrmakda amatlyklar döredilipdir.Myhmanhananyň otaglarynyň hemmesiniň girelgeleri ortadaky gönüburçly howla tarap bakdyrylypdyr. Üsti arka görnüşindäki eýwan binagärlik taýdan kerwensaraýa diňe bir bezeg bermän, eýsem, ýaşaýjylary ýagyş-ýagmyrdan, jokrama yssydan gorapdyr.

Kerwensaraýyň günorta diwarynyň merkezinde saklanyp galan 4 metr galyňlykdaky esasy girelgäniň galyndylary bişen kerpiçleriň üsti bilen kemsiz haşamlanypdyr.Daş-töweregi otagdyr eýwan bilen gurşalan ortadaky gönüburçly giň howla düşelen bişen kerpiçler dürli nagyşlary emele getirýär.

Kerwensaraýyň diwarlarynda, esasan hem otaglaryň girelgelerinde ýonulan kerpiçler arkaly dürli diwar bezegleri ýerine ýetirilipdir.Muny düýejik diýlip atlandyrylýan bezeg kerpiçjikleriniň köpçülikleýin duşmagy hem tassyklaýar.Pol düşeklerdäki, girelgeleriň öňündäki ýerlerde kerpiçleriň dikligine gapyrga şekilde goýulmagy nagyş hem berklik hyzmatyny ýerine ýetiripdir.

Kerwensaraýyň esasy girelgesi günorta — günbatar tarapda ýerleşýär.Girelgäniň ini 4 metr bolup, derwezäniň diwarlarynyň saklanyp galan bölekleriniň beýikligi hemme ýerde deň däldir.Mysal üçin, derwezäniň daşky diwarlarynyň beýikligi 1,5 — 1,8 metr, içki diwarlaryň beýikligi käýerlerde 3 metre çenli beýgelýär.

Derweze we beýleki otaglar arassalananda, alebastr suwaglaryň 1,1 — 1,2 beýiklige ýetýändigi anyklandy.Derwezäniň diwarlarynyň ýokarky bölegi toýun palçyk bilen suwalypdyr.Bularyň esasynda kerwensaraýda XIII asyryň ikinji ýarymynda, XIV asyrda gaýtadan bejergi işleriniň geçirilendigini çaklamak bolýar. Ýurdumyzda arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde, arheolog hünärmenler tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Bu meselede halkara ylmy-amaly hyzmatdaşlyk barha giňelýär hem çuňlaşýar.Bular bolsa, hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmekdäki bimöçber aladalarynyň aýdyň netijesidir.Aýmämmet RAHYMOW

Ýene degişli makalalar

Dehistandaky gadymy myhmanhana
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistandaky sekiz taryhy ýadygärlikde uly arheologik işler geçirildi
Türkmenistanda 335 kilometrlik welosipedli ýörişe badalga berildi
Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri
Türkmen arheologlary Köneürgençde ýyldyz şekilli täsin desganyň üstünden bardylar