
Hytaýyň emeli aň tilsimaty “DeepSeek” amerikaly bäsdeşi “JhatGPG-niň” ulanyş sanyndan öňe geçmeginden soň, global tehnologiýa weksellerinde 1 trillion dollarlyk ýitgi çekildi.
“Nwidia” ABŞ-nyň taryhyndaky iň uly ýitgisini çekip, bazardaky hümmetinden 600 milliard dollar ýitiren bolsa, “Nasdak” 3,1 göterim aşaklady.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp “DeepSeek” tilsimatynyň üstünligini Amerikan firmalary üçin “duýduryş alamaty” hökmünde häsýetlendirdi.
Ýarym geçiriji “Filadelfiýa” indeksi bolsa 2020-nji ýyldan bäri iň uly aşaklama sezewar boldy.
“DeepSeek” şol pursatda kiber hüjüme sezewar boldy we ol maýadarlaryň weksel hem-de pul birligine gönükmegi sebäpli bazardaky tolkunşygy hasam güýçlendirdi.