
Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) "Mançester Siti" klubunyň ýarym goragçysy Kewin De Bruýne netijeli paslarynyň sany boýunça klubuň rekordyny goýdy diýip, APL-nyň resmi saýty habar berýär.
Angliýanyň çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynda "Mançester Siti" 4:0 hasap bilen "Sautgemptony" derbi-dagyn edip ýeňdi. Belgiýaly türgen bu oýunda bir sany netijeli pas bermek bilen, öz netijeli paslarynyň sanyny 94-e ýetirdi. Bu toparyň bütin taryhynda iň oňat görkezijidir. Ozal rekord 93 sany netijeli pas beren ispaniýaly türgen Dawid Silwä degişlidi.