DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy

DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy

Şweýsariýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Serbiýadan üstün çykdy. Oýun 3:2 hasabynda Şweýsariýanyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda ilkinji gol 20-nji minutda Jerdan Şakiri tarapyndan uruldy. Emma Şweýsariýanyň hasapdaky üstünligi uzak dowam etmedi. 26-njy minutda Mitrowiçiň, 35-nji minutda Wlahowiçiň gol urmagy bilen Serbiýa 2:1 öňe saýlandy. 44-nji minutda Bril Embolo hasaby deňlän bolsa, 48-nji minutda Remo Froýler Şweýsariýa ýeňiş getiren goly derwezä ýollady.

Şeýlelikde, Şweýsariýa 6 utuk bilen G toparçasynda ikinji orny eýeläp, 1/8 final tapgyryna ýollanma aldy.

Tapgyrda Braziliýany ýeňen Kamerun 4 utuk bilen üçünji ýeri eýelän bolsa, toparçada ahyrky orun 1 utuk toplan Serbiýa degişli boldy.

Şweýsariýa 1/8 finalda Portugaliýa bilen çärýek finala çykmak üçin göreş alyp barar.

DÇ-2022-niň pleý-off tapgyryna 3-nji dekabrda badalga berler.

Ýene degişli makalalar

Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy
Serbiýanyň ýygyndysy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Polşa NATO Çagyryş Berdi
“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”