Meksikanyň ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Saud Arabystanyny ýeňlişe sezewar etdi. Lusail Aýkonik stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda Meksikanyň peýdasyna tamamlandy. Emma bu ýeňiş meksikalylara pleý-off tapgyryna çykmak üçin ýeterlik bolmady.
47-nji minutda Henri Martin Meksikany hasapda öňe çykardy. 52-nji minutda Luis Çawes meksikalylaryň hasapdaky üstünligini iki topa artdyrdy. Al-Dosari 90+5-nji minutda Saud Arabystanynyň ýeke-täk jogap topuny derwezä ýollady.
Şeýlelikde, Meksika 4 utuk bilen C toparçasynda üçünji orny eýeläp, pleý-off ýollanmasyndan binesip galdy. Bu toparçadan Polşa ikinji orun bilen 1/8 finalda gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeri gelende bellesek, eger Meksika 2:0 hasabyndaky ýeňşi saklap galan ýagdaýynda hem urlan we geçirdilen gollaryň aratapawudynyň deňdigine garamazdan, sary kartlarynyň azdygy sebäpli Polşa indiki tapgyra çykardy.
Şeýlelikde, dünýä çempionatlarynyň taryhynda 1978-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän şowsuz seriýasyny ýene-de uzaltdy. Bu ýurduň ýygyndysy şondan bäri 8 mundiala gatnaşyp, olaryň hiç birinde toparçalaýyn tapgyrdan aňry geçmegi başarmady.
Saud Arabystany bilen bolan oýundan soňra Meksikanyň baş tälimçisi Herardo Martino özüniň bu wezipeden gidýändigini mälim etdi.
Parallel ýagdaýda geçen C kwartetindäki beýleki oýunda Argentina 2:0 hasabynda Polşany ýeňip, birinji orun bilen 1/8 final ýollanmasyna eýe çykdy.
1/8 final tapgyrynda Argentina Awstraliýa bilen, Polşa bolsa Fransiýa bilen güýç synanyşar.
Bu gün E we F toparçalarynda 1/8 final tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli bolar.
30-njy noýabrda geçirilen oýunlaryň netijeleri:
1-njI dekabrda geçiriljek oýunlar: