DÇ-2022: Ispaniýa Kosta-Rikany derbi-dagyn etdi

DÇ-2022: Ispaniýa Kosta-Rikany derbi-dagyn etdi

DÇ-2022-niň F toparçasyndan orun alan Ispaniýa — Kosta-Rika oýnunda ispanlar 7:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.Luis Enrikeniň şägirtleriniň doly üstünliginde geçen oýunda Ispaniýanyň gollaryna Olmo (11), Asensio (21), Torres (31 penalti, 54), Gawi (74), Soler (90) we Morata (90+2) awtorlyk etdiler.

Mundan ozal, şu toparçadan orun alan birinji duşuşykda Ýaponiýanyň Germaniýany garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlişe sezewar edendigini habar beripdik. Şeýlelikde, F toparçasynda 3 utukdan toplan Ispaniýanyň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylary degişlilikde 1-2-nji ýerleri eýeläp durlar.

Germaniýa 3-nji ýere ýerleşen bolsa, Kosta-Rika iň soňky orunda barýar.

Iniki tapgyrda 27-nji noýabr senesinde Ýaponiýa Kosta-Rika bilen güýç synanyşsa, 28-nji noýabrda Ispaniýa Germaniýa bilen garşylaşar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde DÇ-2022-niň ähli oýunlarynda Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

Peleden soň Gawi, Ispaniýa gol bolup ýagdy
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Türkmenistan syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB — Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
PSŽ 2 ýyldyz futbolçyny transfer etdi
4 toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär