DÇ-2022: 1/8 finalyň ähli jübütlikleri belli boldy

DÇ-2022: 1/8 finalyň ähli jübütlikleri belli boldy

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynyň ähli jübütlikleri belli boldy. Ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda 16 topar baş baýrak üçin göreş alyp barar.

DÇ-2022-niň pleý-off tapgyrynda Aziýa yklymyna (AFK) üç döwlet — Awstraliýa, Koreýa Respublikasy hem-de Ýaponiýa wekilçilik edýär. Şeýle-de Ýewropadan 8, Afrikadan 2, Günorta Amerikadan 2 hem-de Demirgazyk we Merkezi Amerikadan 1 topar bu tapgyrda öz güýjüni terezä salar.

DÇ-2022-niň deslapky pleý-off tapgyry bolan 1/8 finalyň oýunlary 3-nji dekabrda badalga alar. Ýaryşyň çempionyny kesgitlejek aýgytlaýjy duşuşyk bolsa 18-nji dekabrda geçiriler.

1/8 final tapgyry 3-nji dekabrda Niderlandlar — ABŞ we Argentina — Awstraliýa oýunlary bilen başlanar. 4-nji dekabrda Fransiýa Polşa bilen, Angliýa Senegal bilen güýç synanyşar. 5-nji dekabrda Ýaponiýa — Horwatiýa, Braziliýa — Koreýa Respublikasy oýunlary geçiriler. 6-njy dekabrda boljak Marokko — Ispaniýa, Portugaliýa — Şweýsariýa duşuşyklart bolsa 1/8 final tapgyryny jemlär.

Ýaryşyň final oýny dünýä çempionaty üçin ýörite döredilen Lusail şäherindäki Lusail Aýkonik stadionynda geçiriler.

Turniriň düzgünnamasyna laýyklykda, ýarym finalda ýeňlen toparlar üçünji orun üçin geçiriljek oýunda meýdança çykarlar.

DÇ-2022-niň bellenilen tertibi boýunça eger-de pleý-off tapgyrynyň oýunlarynyň esasy wagty deňlikde gutarsa, her biri 15 minutdan ybarat goşmaça iki taým wagt goşular.

Goşmaça wagtda hem güýçler deň gelse, ýeňijini kesgitlemek üçin penaltiler seriýasyna ýüzleniler.

Ýene degişli makalalar

Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy
1000-nji duşuşygynda hem Maradonadan, hem-de Ronaldodan öňe geçdi
DÇ-2022: Çärýek finalda Argentina Niderlandlar bilen oýnar
DÇ-2022: Meksika ýeňiş bilen mundialy terk etdi
Messi we ýoldaşlarynyň ýeňiş gazanmakdan başga alajy ýok 7-nji günüň duşuşyklary