Daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bir ýylda ikinji hasyl almak üçin indi döwlete 1400 manat ýer tölegini tölär

Daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bir ýylda ikinji hasyl almak üçin indi döwlete 1400 manat ýer tölegini tölär

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Azatlyk hem-de Görelde daýhan birleşiklerinde oba arçynlary ýer salgytlarynyň ýokarlanan nyrhlary boýunça kärendeçilere duýduryş berýär.Bular barada howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde lebaply bir kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 7-nji fewralda gürrüň berdi. Ýokarlanan ýer tölegi nämäni aňladýar?

Türkmenistanda döwlet kärende ýer eýerlerine plan borçnamasy esasynda pagta, bugdaý ýa-da beýleki bakja ekinleri ekdirýär.Daýhanlar döwletiň eýeçiligindäki ýerlere ekin ekip, olaryň hasylyny döwlete satýar.Döwlet bilen kärendeçiniň arasyndaky bu ylalaşyk döwlete önüm, daýhana girdeji getirýär.

Azatlyk Radioynyň ýurt içindäki habarçysynyň maglumatyna görä, eýýäm köp ýyllyklaryň dowamynda ýurtda, hususan-da, gallaçy kärendeçiler özleriniň kärende ýerlerine bugdaý hasyly ýygnalandan soň ikinji gezek, öz islegine görä, ekin ekýär.

Olar bu ekiniň hasylyny tutuşlygyna döwlete tabşyrmaga borçly däl. Ýöne kärende ýerden özbaşdak peýdalanýandygy üçin daýhan döwlete salgyt töleýär.Ynha şol salgyt indi 1400 manada çykaryldy. “Köne puldan 7 milion manat bolýar.

Eken ekiniň ýere tölän salgydyňy ödemeýär” diýip, lebaply daýhan atlandyrylmazlyk şertinde zeýrenýär.Azatlyk Radiosynyň habaçysy bilen gürrüňdeş bolan kärendeçiniň sözlerine görä, kärende ýere ekilen ikinji ekin bilen bagly döwlet tehnika we dökün kömegini ýeňillikli bermeýär. “Hasyly ýygnalan bugdaý ýerlerine giçki bakja önümleri, meselem, mekgejöwen, mäş, giçki pomidor ýaly oba hojalyk önümleri ekilýär” diýip, lebaply kärendeçi Azatlygyň habarçysyna düşündirýär. “Şol ekinleri ekmek üçin daýhan birleşigiň kassasyna öňünden töleg geçirmeli.

Bugdaý oragy takmynan iýul aýynda tamam bolýar.Ikinji ekiş şondan soň başlanýar” diýip, daýhan ýagdaýy aýdyňlaşdyrýar.Türkmenistanda ýerleri dolandyrmagyň hukuk binýadyny we olaryň ykdysady, guramaçylyk essaslaryny 2004-nji ýylda kabul edilen “Ýer hakyndaky” bitewi kanun kesgitleýär.

Oňa çenli ýurtda ýerleriň dolandyrylyşy 1990-njy ýylda kabul edilen Türkmenistan SSR-niň Ýer hakyndaky kodeksi esasynda alnyp barylýardy. Ýer hakyndaky bitewi kanun kärendeçi daýhanlara oba hojalyk maksatly ýerlerden özbaşdak peýdalanmagy gadagan edýär.

Türkmen metbugaty kärendeçileriň ýerlerden ýylda iki-üç gezek hasyl almak bilen prezidentiň bu ugurdaky görkezmelerini amal edýändigini aýdýar. “Daýhanlar bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda şaly we başga-da köp sanly aralyk ekinleri ekýärler” diýip, “Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň” resmi saýtynda aýdylýar. Ýöne lebaply onlarça kärendeçi bilen gürrüňdeş bolan Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy häkimiýetleriň etraplarda daýhanlara şaly ekmegi gadagan edýändigini, ony diňe “arkaly adamlara” ekmäge rugsat berilýändigini aýtdy. “Ýerden alynýan gök-bakja önümleriniň bazardaky bahasy gymmatlady.

Olaryň bazardaky häzirki bahasyny göz öňünde tutup, hökümet kärende ýerledäki özbaşdak ekerançylyga degişli ýer salgydyny göterdi” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy aýdýar.Hökümet resmileri ýokarlanan ýer tölegleri boýunça köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmeýär. “Beýleki bir ýagdaý, kärende ýerinden ikinji gezek hasyl almak üçin, meselem, sogan ekýän adam bilen, aýdaly mäş ekýän adamyň girdejisi bir bolmaýar. Ýöne hökümet bularyň hemmesini bir aýakdan sürüp täze ýer tölegi gyradeň kesgitledi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy lebaply daýhanyň şikaýatyny ýetirýär.

Galyberse-de, habarçy kärendeçi daýhanlardan başga-da dürli tölegleriň ýygnalýandygyny, ýöne olaryň bu tölegleriň näme maksat bilen alynýandygyndan bihabardygyny aýtdy. “Ýaşlar guramasy üçin diýlip daýhanlardan her ýyl 12-15 manat, Kärdeşler arkalaşygy üçin 25-35 manat tutum tutulýar.

Bu pullar nirä gidýär!? Ýaşlar guramasy diýildigi näme bolýar!?Kärdeşler arkalaşygy näme!?Hudaý bilýär!” diýip, lebaply daýhan nägileligini bildirýär.

Ýene degişli makalalar

DT: Türkmen döwleti 100 ýaşady
Daşoguz welaýatynyň ilkinji häkimi Sapargeldi Motaýew aradan çykdy
Türkmen döwleti 100 ýaşady
Halklaryň huşasty gorlary nakyllar we atalar sözi: Gassaba ýag gaýgymy ýa-da jam gaýgymy?
Russiýaly kosmonawt kosmosdan Türkmenistana gutlag iberdi, türkmen metbugatynyň gutlagda çap eden suraty şübheli
TSSR-iň at gazanan artistkasy Nina Alekseýewna Şumskaýa aradan çykdy
Kompozitor Aşyr Kulyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna