Sakarçäge etrabynyň oba ýerlerinde daýhanlar ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Çetki obalaryň agyz suw üpjünçiligi suw daşaýjy ýük ulaglary arkaly ýola goýulýar. Mary sebitiniň şäher ýaşaýjylary bolsa agyz suwunyň hilinden we sagatlaýyn üpjün edilmeginden şikaýat edýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy sentýabrda sebitden habar berdi.
Sakarçägeli daýhanlar oba ýerlerinde ekerançylyk suwlarynyň üstünde adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
“Daýhanlar tas biri-biri bilen urşup diýen ýaly ekerançylyk meýdanlaryny suwarýarlar. Her brigada üçin belli-belli wagtlarda suw goýberilýär. Şol bellenen wagtda ekin meýdanlaryny suwaryp ýetişmeseň, indiki sapara çenli ekinler suwsuz galýar” diýip, ýerli daýhanlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.
Suw ýetmezçiligi ekerançylygy bökdeýär. Munuň bilen baglylykda, meselem, şugundyr ösdürip ýetişdirýän maryly daýhanlar şu ýyl ösüşiň pes bolandygyny aýdýarlar.
“Sakarçäge etrabynyň şugundyr meýdanlarynda kadaly gögeriş bolmady” diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylar munuň sebäbini suw we dökün ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.
Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda şugundyr ekişine iki aý ozal girişilipdi. Oba hojalyk hünärmenleri şugundyr ekininden endigan gögeriş almak üçin, ekişiň yz ýany, gögeriş suwunyň tutulmalydygyny aýdýarlar.
“Her sapar arçynlara ýalbaryp, kä halatlarda pul töläp, ekinlerimizi suwarýarys” diýip, daýhanlar aýdýarlar.
Türkmen metbugatyna görä, şu ýyl Mary welaýatynda döwlet tabşyrygy boýunça 14900 gektar meýdana şugundyr ekildi we 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Ýöne suw ýetmezçiligi daýhanlary aladalandyrýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň esasy suw çeşmelerinde, iri derýalarda we kanallarda suwuň derejesiniň şu ýyl has-da çekilendigini habar berip gelýärler.
Mundan ozal, aprel aýynda Azatlygyň habarçylary Amyderýanyň Lebap welaýatyndan geçýän böleginde suwuň derejesiniň ep-esli aşaklandygyny habar berdiler. Galyberse-de, iýulyň ortalarynda habarçylarymyz Garagum kanalynyň suwunyň çekilendigini habar berdiler. Bu habarlaryň arasynda häkimiýetler Garagum kanalynyň ýakasyndaky suw çykaryjy nasoslaryň işiniň çäklendirip başladylar.
Şeýle-de, iýulda Lebap welaýatynyň Saýat we Halaç etraplarynyň şalyçylary ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligine alada bildirdiler.
Ýöne diňe bir ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi däl, eýsem, şäher we oba ýerlerinde arassa agyz suwunyň üpjünçiliginde hem bökdençlikler ýüze çykýar.
“Çetki obalarda arassa agyz suwy ýük daşaýjy ulaglar bilen üpjün edilýär.Suw daşaýan ýük ulaglary howuzlary doldurýarlar.Munuň üçin her sapar 200-300 manat möçberinde çykdajy etmeli bolýar. Şol sebäpden, köp sanly hojalyk guýy gazyp, ýer astyndan suw alýarlar. Ýöne ýerasty suwlaryň tagamy şor bolýar, içip bolmaýar. Ýerasty suwlar köplenç arassaçylyk işlerinde, ýa-da mallary suwa ýakmak üçin ulanylýar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ýerasty suwlar bilen ekin meýdanlaryny suwarmaga çalyşýan käbir hojalyklar şeýle suwlaryň ýerlere zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ilatyň suw ýetmezçiligi, ekerançylyk we agyz suwlarynyň üpjünçiliginde ýüze çykýan bökdençlikler barada habar bermeýär.
Maý aýynda ýurduň ýokary derejeli suw resmilerine prezident tarapyndan “käýinç” berildi, sentýabrda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy we orunbasarlary täzelendi. Ýöne “käýinçleriň” we “kadr çalşygynyň” arasynda, ilatyň duçar bolýan suw ýetmezçiligi aradan aýrylmaýar.
Ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň arasynda, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy şäher ýerlerinde agyz suw üpjünçiliginiň sagatlaýyn ýola goýulýandygyny habar berýärler.
“Şaher ýerlerinde hojalyklara suw sagatlaýyn goýberilýär. Hojalyklarda irden 6-9 aralygynda we gijöýlän 18:00-22:00 aralygynda suw akýar. Ýaşaýjylar öýlerinde uly göwrümli gaplarda suw dolduryp goýýarlar. Üstesine, hojalyklara iberilýän suwlarda hloryň ysy bar” diýip, Marynyň şäher ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.