Daýhanbank Türkmenistanda bank kartlaryny bermekde öňdebaryjy boldy

Daýhanbank Türkmenistanda bank kartlaryny bermekde öňdebaryjy boldy

Türkmenistanyň Merkezi Banky özüniň resmi web sahypasynda 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň banklary tarapyndan 154 müňden gowrak bank kartynyň berlendigini mälim etdi. Habarda bellenilmegine görä, 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýurtdaky bank kartlarynyň umumy sany 5,3 milliondan gowrak boldy.

Türkmenistanda bank kartlaryny bermek boýunça öňdebaryjylygy Daýhanbank eýeledi. Ol häzirki wagta çenli müşderilere 1,8 milliondan gowrak bank kartyny berdi. Olaryň köpüsi welaýatlardaky, esasanam Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky müşderiler üçin niýetlenendir.

Berlen kartlaryň sany boýunça ikinji ýerde 1,03 milliondan gowrak bank karty bolan Türkmenistan banky bar. Üçünji orunda — 633 müňden gowrak bank karty bolan Halkbank ýerleşýär. Bu iki bank kartlaryň aglaba bölegini, esasan, Aşgabat şäherindäki müşderilerine niýetlemek bilen, häzirki wagta çenli paýtagtlylara, degişlilikde, 483,3 müň we 229,8 müň bank kartyny berdi.

2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda berlen bank kartlarynyň mukdary boýunça Türkmenistandaky banklaryň sanawy:

Ýene degişli makalalar

Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Türkmen talyplaryna iberip bolýan puluň möçberi 'artdyryldy', ýöne käbir kynçylyklar saklanýar
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Ejeler güni bellenildi, Türkmenistanyň Baş konsuly Kazanyň häkimi (meri) bilen duşuşdy, Daýhanbank Türkmenistanda hyzmat edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda we beýleki habarlar
Pul ibermekdäki kynçylyklar daşary ýurtda türkmen talyplarynyň okuwdan çykmagyna, gyzlaryň 'ten satmagyna getirýär'
Halkbank PTB Mobil bank hyzmatynyň hasaba alnan ulanyjylarynyň sany boýunça öňdeligi eýeleýär
Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar