Daýhanbank POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda ilkinji orunda

Daýhanbank POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda ilkinji orunda

POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy mälim edildi. 2023-nji ýylyň maý aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, bu ugurda ýurt boýunça Daýhanbank döwlet täjirçilik banky öňdeligi eýeledi diýip, Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Daýhanbank DTB-niň 9 043 sany POS-terminaly bar. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda Türkmenistan DTB (8 092), üçünji orunda bolsa Halkbank PTB (7 729) durýar.

Daýhanbank PTB-niň POS-terminallary, esasan, ýurduň sebitlerinde gurnalandyr. Olaryň köpüsi bolsa ýurduň Lebap (2 566), Mary (2 006) we Daşoguz (1 745) welaýatlarynda ýerleşýär.

Şunuň bilen deňeşdirmek üçin mysala ýüzlensek, sanawda öňdeligi eýeleýän beýleki banklaryň — Türkmenistan hem-de Halkbank banklarynyň POS terminallarynyň aglabasy Aşgabatda gurnalandyr. Olara degişlilikde 3 383 hem-de 2 433 sany POS terminal degişli.

2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, POS terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy:

Ýene degişli makalalar

DT: Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar
DT: 'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
DT: Daşary ýurt ÝOJ-larynda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň okuw tejribeleri
DT: Daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistan barada
DT: Adalatçynyň täze hasabaty adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili düşündirdi?
DT: 'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera
DT: Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?