Daýhan yhlasly toprak bereketli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy has-da ösdürmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär.Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket tapmagy üçin amatly şertler döredilýär. Şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy.

Daýhanlar kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün edilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän Türkmengallaönümleri döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda iş maslahatyny geçirmegi hem bu pudagy ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň, döwletimiziň has uly bähbitlerini nazarlaýan çözgütleri netijesinde geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň düzüminde birbada üç sany ylym edarasy, ýagny Ylmy-barlag pagtaçylyk, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag däneçilik institutlarynyň döredilmegi özgerişlikleriň has düýplüdigine, gadymy we baý daýhançylyk tejribeleriniň ylmyň täze gazananlary bilen jebis utgaşdyryljakdygyna şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň işi ýola goýuldy. Bu bolsa tohumçylyk-seçgi işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oba hojalyk ekinleriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerini taýýarlamak, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, önümçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak işlerine goşant goşýan ýurdumyzyň alymlaryny has-da ruhlandyrdy.

Edermen gallaçylarymyz Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň galla möwsümini üstünlikli jemlemek bilen, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý tabşyryp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkemegine mynasyp goşant goşdular.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Däneçilik hakynda, Pagtaçylyk hakynda, Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda, Ýerleriň meliorasiýasy hakynda Türkmenistanyň Kanunlary hem-de bu ugra degişli birnäçe kanunçylyk resminamalary kabul edildi. Şeýlelikde, ata Watanymyzda oba hojalyk önümleriniň we azygyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça döwlet durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk binýady döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, döwletimizde bereketli ýerden bol hasyl almak, ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, ekinleri hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly işlere giň gerim berildi.

Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk hem-de bu pudagyň beýleki ugurlary sazlaşykly ösdürildi. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagyna ägirt uly möçberde maliýe serişdeleri goýberildi. Iň öňdebaryjy önüm öndüriji ýurtlaryň kuwwatly tehnikalary yzygiderli satyn alnyp, önümçilige ornaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar.

Uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 20192025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem öz beýanyny tapýar.

Onda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Eziz Diýarymyzda oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň maksatnamasynda önümçilige ylmyň we sanly tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän hem-de pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň täze önümçilik kärhanalaryny döretmek göz öňünde tutulýar.

Munuň özi oba hojalyk toplumynyň jemi içerki önüme goşandyny, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.Döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly suw serişdelerini rejeli ulanmak oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegini düzýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär.Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, ýüpekçilik, bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik we oba hojalyk işewürliginiň beýleki ugurlary işjeň ösdürilýär.

Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň ekerançylary şalynyň, Mary welaýatynyň ekerançylary bolsa gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirýärler.Iri şahly mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, guşlaryň baş sany artýar.Türkmen daýhanlary banan, zeýtun, malina, pisse ýaly önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýärler.

Goý, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döredýän, ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürýän, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Tawus ESENMÄMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan ylmy işler bilen gyzyklandy
Alymlar hususy öýli bolmak bilen ömrüň dowamlylygynyň özara baglanyşygyny kesgitlediler
Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow
Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY