Dawosda ykdysady forum geçiriler

Şu ýyl Dawosda guraljak Bütindünýä ykdysady forumy rekord derejede gatnaşyjylary bir ýere jemlär. Bu foruma dünýäniň köp ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 2,7 müň wekili, şol sanda Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen gatnaşar.

Ara alyp maslahatlaşmalarda esasy orny häzirki dünýäniň ykdysady meseleleri eýelär, şonuň üçin bu maslahata dünýäniň birnäçe ýurdundan ykdysadyýet we maliýe ministrleri, şeýle hem 20 töweregi merkezi banklaryň ýolbaşçylary gatnaşar. Ara alyp maslahatlaşmagyň hepdesinde foruma gatnaşyjylar gender deňligine we sebit tapawudyna aýratyn üns bererler. Bütindünýä ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 16-20-nji ýanwary aralygynda Dawosda geçiriler.

Nemes ykdysadçysy Klaus Şwab tarapyndan esaslandyrylan forum Ýewropa kompaniýalarynyň dolandyryjylyk işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.Gurama 1987-nji ýylda häzirki adyna eýe bolýar, 2015-nji ýylda bolsa, halkara guramasy hökmünde ykrar edilýär.

Dawosda 1971-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda adamzat jemgyýetiniň ykbalyna gönüden-göni täsirini ýetirýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.Dünýäniň sosial-ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, iri ykdysady we syýasy bileleşikleriň, aýry döwletleriň, korporasiýalaryň, kompaniýalaryň bähbitleriniň gabat gelmegi forumyň iň esasy maksady bolup durýar.

Islendik meseläni resmi däl ýagdaýda maslahatlaşmak mümkinçiligi forumyň iň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ştab-kwartirasy ýurduň Koloni şäherinde ýerleşýän foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar.Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň 1000-den gowrak kompaniýalary we guramalary bu forumyň agzasy bolup durýarlar. Şeýle hem guramanyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň bäsleşige ukyplylygy baradaky hasabatlary her ýylda mälim edip durýarlar.

Onuň býujeti foruma gatnaşyjylaryň geçirýän agzalyk gatançlarynyň we serişdeleriniň hasabyna döredilendir.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Brýusselde geçirilen Global Gateway forumynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri beýan edildi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Global Gateway forumyna gatnaşýar
Wodorod taslamalaryna 17 milliard ýewro goldaw berdi
Ýewropa Bileleşigi we Kanada “Ýaşyl Bileleşigi” döretmek barada ylalaşdylar
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi